«Nebitgazylmytaslama» institutynyň guýularyň önümli gatlaklaryna täsir etmek laboratoriýasynda ýerine ýetirilen ylmy-barlag işlerinde guýularyň önüm berijiligini artdyrmak ugrunda geçirilen işler boýunça senagat maglumatlary ýygnaldy we olaryň netijeliligi seljerilip, guýularyň önümli gatlaklaryna täsir etmek usullary kämilleşdirildi. Bu barada "Ussat news" elektron gazeti habar berýär.
Bellenilişi ýaly, nebitli guýularyň önümli gatlaklaryna täsir etmek üçin ýurdumyzda bar bolan ýerli himiki serişdelerden peýdalanmagyň tehnologiýasyny tapmagyň ýollaryny gözlemeklige üns berlip, laboratoriýa şertlerinde synag-barlag işleri geçirildi hem-de önümçilikde ulanmak mümkinçilikleri, ähmiýetliligi öwrenildi.
Önümli gatlaga täsir etmegiň birnäçe usullarynyň we düzümleriniň synag edilmegi hem-de işlenip taýýarlanmagy degişli ýagdaýlarda guýularyň önüm berijiliginiň ep-esli peselmegi ýa-da olaryň önüm bermeklerini togtatmagy bilen baglydyr. Şeýle meseleler nebitgazly ýataklaryň köpüsinde, esasan, özleşdirmegiň ahyrky döwründe işleýän nebitgaz känlerinde duş gelip, nebiti çykarmakda kynçylyk döredýär.
Guýularda gatlak suwlaryny çäklendirmekde bentonit toýnundan, gidrofobizirleýji goşundydan we uglewodorod suwuklygyndan ybarat düzümde, gidrofobizirleýji goşundy hökmünde polimer önümçiliginiň goşmaça önümi bolan piroliz ýagy ulanyldy.
Gidrofobizirlenen bentonit suspenziýasyny peýdalanmak bilen, geçirilen synag işleriniň esasynda alnan netijelere görä, suw çäklenmesiniň has ýokary netijeliligi, nebitiň akymynyň kanagatlanarly bahasy, uglewodorod suwuklygynda bentonit toýnunyň we piroliz ýagynyň mukdarynyň belli bir gatnaşykda bolmagynda üpjün edilýändigini görkezdi.
"Laboratoriýanyň hünärmenleri tarapyndan guýularda gatlak suwlaryny çäklendirmek boýunça gidrofobizirlenen bentonit suspenziýasy esasynda işlenip alnan bu täze düzüme çäklendirilen patent almak üçin intellektual eýeçilik boýunça döwlet gullugyna haýyşnama berildi. Geçen ýylyň dekabr aýynda ýerine ýetirilen ylmy hasabat işi ylmy esasda goralyp, nebit guýularynyň önüm berijiligini ýokarlandyrmak boýunça kämilleşdirilen tehnologiýalary önümçilikde ulanmak üçin teklipler hödürlenildi" diýlip, habarda aýdylýar.