Türkmenistanyň Bilim ministrligi we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi her ýyl ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlarynyň arasynda «Talyp joşguny» atly döredijilik festiwalyny yglan edýär. Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde golaýda «Talyp joşguny — 2026» ady bilen geçirilýän bu döredijilik festiwalynyň uniwersitet tapgyry boldy.
Festiwalda şanly ýylymyz bilen bagly edebi-sazly kompozisiýa, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan il-ýurt bähbitli beýik işlerini, ata Watanymyzy wasp edýän aýdym-sazlar ýerine ýetirildi.
Talyplaryň ýerine ýetirmeginde aýdyşyk aýdymy, türkmen halk aýdymy, sazly çykyş, degişme sahnasy, halk döredijilik eserlerinden parçalar, çeper okaýyş, şeýle hem meşhur awtorlar tarapyndan döredilen aýdymlar, taryhda yz galdyran beýik şahsyýetlerimiziň keşbini çeper ussatlyk bilen janlandyrýan teatrlaşdyrylan sahna oýny, tansly çykyşlar çärä gatnaşanlarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy.
Çeşme: Türkmenistanyň Bilim ministrligi