744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
30.05.2026
Türkmenistanyň we Pakistanyň diplomatlary iri energetika taslamasynyň ähmiýetini nygtadylar

BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň ýokary derejeli açyk pikir alyşmalarynyň çäklerinde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, daşary işler ministri Mohammad Ishak Daryň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.

Habarda bellenilişi ýaly, 28-nji maýda geçirilen gepleşikleriň dowamynda taraplar türkmen-pakistan gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny we ösüş mümkinçiliklerini, şeýle hem sebit we halkara gün tertibiniň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Söhbetdeşlikde iki ýurduň liderleriniň arasyndaky yzygiderli gatnaşyklaryň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösmegine we sebit taslamalarynyň durmuşa geçirilmegine goşmaça itergi berýändigi aýdyldy. Diplomatlar ähli özara gyzyklanma döredýän ugurlar boýunça syýasy dialogy we amaly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge taýýardyklaryny nygtadylar.

Duşuşykda ikitaraplaýyn ykdysady we infrastruktura hyzmatdaşlygynyň uly mümkinçiligine aýratyn üns berlip, onuň aýdyň mysaly hökmünde Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň ösdürilmegi hem-de Türkmenistan-Owganystan-Pakistan elektrik we optiki-süýümli aragatnaşyk geçrijileriniň döredilmegi ýaly sebit taslamalarynyň amala aşyrylýandygy bellenildi.

Diplomatlar öňde boljak ikitaraplaýyn çäreleriň taýýarlygy, şol sanda ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-pakistan hökümetara toparynyň mejlisi, şeýle hem bilelikdäki işewürlik, medeni-ynsanperwer çäreleri geçirmek başlangyçlary barada pikir alyşdylar.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi