744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
01.06.2026
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bagtyýar körpeleri baýramçylyk bilen gutlady

Türkmenistanda dünýä bileleşigi bilen birlikde Çagalary goramagyň halkara güni giňden bellenilip geçilýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bu halkara sene mynasybetli ýurduň bagtyýar körpelerini we ähli halkyny tüýs ýürekden gutlady. Döwlet Baştutany öz gutlagynda bu baýramçylyk dabaralarynyň çagalaryň kalbynda egsilmez joşgun döretjekdigine we olaryň aýdyň geljege bolan ynamyny has-da berkitjekdigine ynam bildirdi.

«Çagalary goramagyň halkara güni adamzadyň dostluk we parahatçylyk ýörelgelerini dabaralandyrmak bilen, çagalaryň asuda durmuşda ýaşamak hukuklaryny üpjün etmekde dünýä jemgyýetçiliginiň tagallalaryny birleşdirýär. Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň çagalaryň hukuklary we bähbitleri baradaky baş ýörelgelerine hemişe ygrarly bolup galýar we bu baýramy ýokary ruhubelentlikde garşylaýar.

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda bellenilýän bu halkara sene mynasybetli Aşgabat we Arkadag şäherlerinde, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda, Gökderede, şeýle hem welaýat merkezlerinde, şäherdäki we obalardaky medeniýet ojaklarynda köpsanly aýdym-sazly çäreler guralýar. Körpeleriň ýurdumyzy, agzybir halkymyzy we parahatçylygy wasp edýän şirin aýdumlary hem-de şadyýan gülküleri Türkmenistanyň bagtyýar çagalygyň Diýary hökmündäki at-abraýyny dünýä ýaýýar.

Ýurtda ýaş nesiller baradaky alada döwlet syýasatynyň iň esasy ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi. Çagalaryň döwrebap bilim-terbiýe almaklary, watansöýüjilik we ynsanperwerlik ruhunda terbiýelenmegi, maşgala gymmatlyklaryna eýerip, öz zehinlerini ösdürmekleri üçin ähli amatly şertler döredilýär. Döwlet tarapyndan halkara ölçeglerine laýyk gelýän çagalar baglary, orta mekdepler, dynç alyş we sagaldyş merkezleri yzygiderli gurulup, ulanmaga berilýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagyň başlangyjy bilen döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem ýaş nesilleri durmuş taýdan goldamakda we körpeleriň saglygyny dikeltmekde dünýä nusgalyk asylly işleri amala aşyrýar. Eneleriň we çagalaryň durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmek, köp çagaly maşgalalary höweslendirmek döwlet derejesinde aýratyn üns merkezinde saklanýar».

Ýurduň Baştutany gutlagynyň ahyrynda ähli watandaşlara we körpelere berk jan saglyk, uzak ömür, bagtyýar we abadan durmuş arzuw edip, mähriban çagalaryň şatlykly gülküleriniň hemişe belentden ýaňlanmagyny diledi.

 

Çeşme: «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti