744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
01.06.2026
Gahryman Arkadagymyz hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Çagalary goramagyň halkara güni bilen gutlady

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadag Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli türkmen halkynyň we Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlady. Milli Liderimiz Gutlagynda döwlet Baştutanyna berk jan saglyk, uzak ömür hem-de ýurtda çagalaryň abadançylygyny üpjün etmek ugrundaky taryhy işlerinde uly rowaçlyklar arzuw etdi.

Gutlag hatynda bellenilişi ýaly, türkmen halky gadymdan bäri çagalary aýratyn söýgi we mähir bilen gurşap almagy asylly däp edinip gelýär. Häzirki döwürde bolsa ýaş nesliň sagdyn, bagtyýar ösüp ulalmagyny we watançy bolup ýetişmegini gazanmak döwlet syýasatynyň baş wezipeleriniň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, paýtagtda, Arkadag şäherinde we welaýatlarda täze mekdepler, çagalar baglary hem-de sagaldyş merkezleri yzygiderli açylýar.

Köp çagaly maşgalalary goldamak, enelere «Ene mähri» diýen hormatly ady dakmak we olary täze öýler bilen üpjün etmek döwlet aladasynyň aýdyň subutnamasydyr. Şeýle-de, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasynyň howandarlyga mätäç çagalaryň saglygyny dikeltmekde amala aşyrýan ynsanperwer işleri halk köpçüligi tarapyndan giňden goldanylýar.

Türkmenistan Çaganyň hukuklary hakynda Konwensiýa ygrarly bolup, BMG-niň Çagalar gaznasy (UNICEF) bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edýär. Gahryman Arkadag hatynyň ahyrynda döwlet Baştutanyny bu şanly sene bilen ýene bir gezek gutlap, alyp barýan asylly işlerinde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw etdi.

 

Çeşme: «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti