744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
01.06.2026
Aşgabatda Türkmen halysynyň baýramyna bagyşlanan dabaralar geçirildi

Paýtagtymyzda Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli amaly-haşam sungatynyň sergisi we Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXVI mejlisi guraldy. Türkmen halysynyň milli muzeýinde we onuň ýanaşyk meýdançasynda açyk asmanyň astynda ýaýbaňlandyrylan sergide milli halyçylyk sungatynyň nusgawy hem-de döwrebap eserleri, şeýle hem haly portretleri we ýüpek önümleri görkezildi. Dabaranyň açylyşynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň iberen Gutlag haty uly üns bilen diňlenildi.

Dabaranyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, milli halyçylyk sungatyny ösdürmekde we ony dünýä ýaýmakda bitiren uly hyzmatlary, köp ýyllaryň dowamynda çeken halal zähmeti üçin ussat halyçy gelin-gyzlara «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly atlar we Şa serpaýlary gowşuryldy. Şeýle hem Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretary Sultan Raýew dabarada çykyş edip, türki dünýäde halyçylyk senediniň ösdürilmegine goşýan goşantlary üçin «Türkmenhaly» döwlet birleşigine ýörite diplom, öňdebaryjy halyçylara bolsa Minnetdarlyk hatlaryny gowşurdy.

Günüň ikinji ýarymynda «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň mejlisler zalynda Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXVI mejlisi geçirildi. Oňa ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ugurdaş düzümleriniň wekilleri, alymlar hem-de halyşynaslar gatnaşdylar. Halkara mejlisde çykyş eden daşary ýurtly myhmanlar türkmen halylarynyň ekologik taýdan arassa çig mallardan we tebigy boýaglardan dokalýandygyny, olaryň gaýtalanmajak çitimleriniň bütin dünýä üçin nusgalykdygyny aýratyn nygtadylar.

Türkmen milli halyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi hem-de Aşgabadyň Halkara howa menziliniň binasyndaky iň uly haly göli bilen Ginnesiň rekordlar kitabynda orun almagy bu senediň dünýä derejesindäki ýokary ykrarnamasydyr. Baýramçylyk mynasybetli ýurdumyzyň ähli sebitlerinde duşuşyklar, ylmy maslahatlar, bäsleşikler we dabaraly konsertler guraldy. Çäreleriň ahyrynda gatnaşyjylar milli mirasa we halyçy zenanlara goýýan uly sarpasy üçin ýurduň Baştutanynyň adyna Hoşallyk Ýüzlenmesini kabul etdiler.

 

Çeşme: «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti