Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 1-nji iýunda sanly ulgam arkaly nobatdaky iş maslahatyny geçirdi. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Taňryguly Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda geçirilen bu iş maslahatynda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möhüm işler giňişleýin seljerildi.
Maslahatda ilki bilen welaýat häkimleriniň hasabatlary diňlenildi. Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň ýolbaşçylary sebitlerde dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, galla oragyna görülýän taýýarlyk, gowaça meýdanlarynda alnyp barylýan agrotehniki ideg çäreleri hem-de ýazlyk ýeralma, gök-bakja ekinleriniň hasylyny ýygnamak boýunça görülýän çäreler barada aýtdylar. Şeýle-de hasabatlarda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli geçiriljek çärelere taýýarlyk we durmuş-önümçilik maksatly desgalaryň gurluşyk ýagdaýlary baradaky maglumatlara aýratyn orun berildi.
Döwlet Baştutanymyz hasabatlary diňläp, bugdaý oragy möwsümine ýokary derejede taýýarlyk görmegiň hem-de gowaça ideginde agrotehniki kadalary berk berjaý etmegiň möhümdigini belledi. Hormatly Prezidentimiz häkimlere ýerlerde önümçilik we medeni-durmuş maksatly desgalaryň gurluşygyny öz wagtynda we ýokary hilli tamamlamagy, şeýle hem baýramçylyk dabaralarynyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.
Wise-premýer T.Atahallyýew ýurdumyzyň pileçi kärendeçileriniň 2 müň 100 tonnadan gowrak ýüpek çiyg malyny ýetişdirip, şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý edendikleri baradaky hoş habary ýetirdi we döwlet ýolbaşçylaryny gutlady. Şeýle hem ol ýurt boýunça oba hojalyk işleriniň yzygiderli alnyp barlyşy, şaly ekişine görülýän taýýarlyk we beýleki agrotehniki çäreler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow wise-premýere oba hojalyk möwsümlerini yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz ussat pileçileri we bütin türkmen halkyny gazanylan uly zähmet üstünligi bilen tüýs ýürekden gutlap, maslahata gatnaşanlara berk jan saglygyny we alyp barýan işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdi.
Çeşme: «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti