«Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde nobatdaky okuw ýylynyň tamamlanmagyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi. Bu çäre ýurdumyzda ýaş nesle bildirilýän uly sarpanyň we olaryň gazanan üstünlikleriniň aýdyň subutnamasy boldy.
Dabaranyň esasy maksady 2025-2026-njy okuw ýylynyň netijelerini jemlemekden, şeýle hem tapawutlanan mugallymlaryň we göreldeli talyplaryň bitiren işlerine ýokary baha bermekden ybarat boldy. Okuw mekdebiniň ýolbaşçylary we mugallymlary öz çykyşlarynda geçen döwrüň diňe bir bilim ulgamynda däl, eýsem başga-da köp ugurlarda uly üstünliklere beslenendigini guwanç bilen nygtadylar.
Dabara gatnaşan işjeň mugallymlara we talyplara aýratyn hormat goýuldy. Döwlet we okuw mekdebiniň derejesinde guralan ders bäsleşiklerinde, ylmy taslamalarda, sport ýaryşlarynda hem-de medeni-köpçülikleýin çärelerde ýokary netijeleri görkezenlere okuw mekdebiniň ýolbaşçylary we jemgyýetçilik guramalary tarapyndan taýýarlanan hormat hatlary hem-de ýädigärlik sowgatlary gowşuryldy.
Çäräniň ahyrynda sylaglanan mugallymlar we talyplar çykyş edip, ýaşlaryň kämil bilim we hünär almagy ugrunda döredilýän giň mümkinçilikler üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdylar.
Çeşme: Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebi