744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
02.06.2026
Türkmenistanda Çagalary goramagyň halkara güni dabaraly bellenildi

Ýurdumyzyň ähli sebitlerinde Çagalary goramagyň halkara güni uly dabaralara beslendi. Baýramçylyk dabaralarynyň iň täsirlileriniň biri paýtagtymyzyň «Aşgabat» medeniýet we dynç alyş seýilgähinde guraldy. Bu çäre ýurdumyzyň birnäçe ministrlikleri, Döwlet sport komiteti hem-de BMG-niň agentlikleri tarapyndan, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň goldamagynda bilelikde amala aşyryldy.

Bu şanly baýram mynasybetli, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ýaş raýatlaryna we ähli halkyna özüniň gutlag hatyny iberdi.

Dabaranyň açylyşynda Haýyr-sahawat gaznasynyň ýerine ýetiriji direktory Rejep Bazarow, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko hem-de ÝUNISEF-iň ýurdumyzdaky wekili Jalpa Ratna çykyş etdiler. Çykyşlarda ýaş nesliň sagdyn, kämil we bilimli bolup ýetişmeginiň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň özenini düzýändigi we bu ugurda halkara guramalar bilen netijeli hyzmatdaşlygyň alnyp barylýandygy aýratyn nygtaldy.

Baýramçylygyň dowamynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň we «Jahan» döredijilik merkeziniň körpeleriniň taýýarlan çykyşlary dabaranyň reňkini has-da baýlaşdyrdy. Ýaş zehinleriň ýerine ýetiren aýdym-sazlary, tanslary we teatr sahnalary oňa gatnaşanlarda ýakymly täsirler galdyrdy. Şeýle hem çagalar üçin guralan sport oýunlary, bäsleşikler we gyzykly wiktorinalar baýramçylygy has-da şagalaňly we ýatda galyjy etdi.

 

Çeşme: «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti