Aşgabatda 2-nji iýunda geçirilen birža söwdalarynda daşary ýurtly işewürleriň ünsi esasan Türkmenistanyň nebit-gaz we nebit-himiýa önümlerine gönükdirildi. Şunlukda, Owganystanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) wekilleri “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen öndürilen “TS-1” kysymly awiakerosini satyn almak barada şertnamalara gol çekdiler. Häzirki wagtda nebit-gaz pudagy Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň we eksport mümkinçilikleriniň özenini düzüp, energetika howpsuzlygyny üpjün edýän iň esasy ugur bolmagynda galýar.
Mundan başga-da, Owganystanyň we Täjigistanyň telekeçileri energetika we ekologiýa talaplaryna laýyk gelýän önüme uly gyzyklanma bildirip, “Türkmenhimiýa” döwlet konserninden “ECO-93” kysymly awiakerosin önümçiliginiň ugurdaş tehnologiyalary esasynda taýýarlanýan ekologik taýdan arassa ulag benzinini satyn aldylar.
Şol bir wagtda içerki bazarda hem işjeňlik gözlenilip, ýerli işewürler tarapyndan “Türkmenpagta” döwlet konserniniň pagta süýümini we Azyk senagaty döwlet birleşiginiň 1-nji hilli rafinirlenen pagta ýagyny satyn almak boýunça geleşikler resmileşdirildi. Şeýlelikde, söwdalaryň dowamynda jemi 46 391 750,00 ABŞ dollaryna hem-de 59 315 850,00 manada deň bolan 8 sany şertnama baglaşyldy.
Bu uly göwrümli söwdalar döwlet býujetiniň emele gelmegine, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna hem-de halkara hyzmatdaşlygyň täze tapgyra çykmagyna saldamly goşant goşýar.
Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy