744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
03.06.2026
Türkmenistanyň Prezidenti mähriban halkyny Bütindünýä welosiped güni bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurduň halkyny sagdynlygyň we ruhubelentligiň halkara baýramy bolan Bütindünýä welosiped güni bilen gutlady. Döwlet Baştutany öz ýüzlenmesinde bu ajaýyp senäniň şanyna guraljak çäreleriň mähriban Watanymyza, sagdyn durmuş ýörelgelerine we gazanylýan üstünliklere bolan buýsanji has-da artdyrcakdygyny belledi. Häzirki wagtda bu baýramçylyk dostlugyň, parahatçylygyň we jemgyýetiň agzybirliginiň aýdyň nyşany hökmünde milli senenamada möhüm orun tutýar hem-de ýurduň abraýyny dünýä ýaýýar.

Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde möhüm başlangyçlar bilen çykyş edip, halkara sport hyzmatdaşlygyny yzygiderli pugtalandyrýar. Ýurduň tekbiri bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 3-nji iýunyň «Bütindünýä welosiped güni» diýlip yglan edilmegi, durnukly ulag ulgamlary baradaky taryhy Kararnamalaryň kabul edilmegi we Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň degişli komitetiniň düzümine saýlanmagy halkara derejedäki uly ykrar edilmeleriň güwäsidir. Şeýle hem Aşgabadyň GDA-nyň çäklerinde «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri» diýlip yglan edilmegi döwletiň ägirt uly sport kuwwatyny görkezýär.

Ýurtda amala aşyrylýan giň göwrümli özgertmeler «Döwlet adam üçindir!» diýen baş şygar esasynda durmuşa geçirilýär. Beden we ruhy taýdan sagdyn nesilleri terbiýelemek maksady bilen, gysga döwrüň içinde halkara ölçeglerine laýyk gelýän döwrebap sport we atçylyk toplumlary, stadionlar hem-de Olimpiýa şäherçesi gurlup ulanmaga berildi. Köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup galýar.

Ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek we daşky gurşawy goramak boýunça halkara resminamalara işjeň goşulýan Türkmenistanda sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmaga aýratyn üns berilýär. Ýurtda köpçülikleýin welosipedli ýörişler we ylgaw çäreleri yzygiderli guralyp, sportuň bu ugruna gyzyklanma bildirýänleriň sany barha artýar. Ýaşlaryň zyýanly endiklerden daşda durmagy, iş we dynç alyş wagtlaryny sport bilen utgaşdyrmagy üçin döwlet tarapyndan ähli şertler döredilýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gutlagynyň ahyrynda ähli watandaşlaryna berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny hem-de berkarar döwletiň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrundaky işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdi.

 

Çeşme: «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti