Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Serdar Berdimuhamedowa Bütindünýä welosiped güni mynasybetli gutlag hatyny ýollady. Gahryman Arkadagymyz öz ýüzlenmesinde döwlet Baştutanyna berk jan saglyk we Watanymyzy ösen sport ýurduna öwürmek ugrundaky giň göwrümli işlerinde täze rowaçlyklar arzuw etdi.
Ýurtda «Il saglygy — ýurt baýlygy» diýen şygar astynda amala aşyrylýan özgertmeler netijesinde, Aşgabatda, Arkadag şäherinde hem-de welaýatlarda halkara ölçeglerine laýyk gelýän döwrebap sport desgalary we stadionlar gurlup ulanmaga berildi. Köpçülikleýin welosipedli ýörişleri guralmagy, paýtagtda bina edilen Welotrek we «Welosiped» ýaly binalar ýurtda sagdyn durmuşyň hem-de ekologiýa medeniýetiniň dabaralanýandygyny görkezýär. Şeýle hem Aşgabatda geçirilen köpçülikleýin çäreleriň Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilmegi bu ugra bolan islegiň durnukly artýandygyna şaýatnamadyr.
Türkmenistanyň halkara sport diplomatiýasy dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan yzygiderli ykrar edilýär. Ýurduň başlangyçlary esasynda BMG tarapyndan taryhy Kararnamalaryň kabul edilmegi, döwletiň bütindünýä Olimpiýa hereketine we halkara konwensiýalara işjeň goşulmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Milli Lider gutlagynyň ahyrynda, bu dabaraly senäniň eziz Diýarymyzyň halkara abraýyny has-da belende göterjekdigini nygtap, döwlet Baştutanyna işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Çeşme: «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti