744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
04.06.2026
Türkmen önümlerine daşary ýurtly işewürleriň gyzyklanmasy artýar

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda nobatdaky söwdalaşyklar geçirildi. Söwdalaryň barşynda jemi 9 sany geleşik hasaba alnyp, olaryň umumy bahasy 25 million 137 müň 750 ABŞ dollaryna hem-de 51 million 430 müň manada deň boldy.

Daşarky bazardan gelen maýadarlar milli önümlerimize uly gyzyklanma bildirdiler. Hususan-da, Owganystanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) işewür toparlary «Türkmennebit» döwlet konserni tarapyndan öndürilen «TS-1» kysymly awiakerosinini satyn aldylar.

Şeýle hem daşary ýurtly hyzmatdaşlardan Türkiýäniň we Owganystanyň wekilleri ekologik taýdan arassa önümleri saýlap aldylar. Olar «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kuwwatlyklarynda öndürilýän «ECO-93» kysymly awtomobil benzinini satyn almak baradaky şertnamalara gol çekdiler.

Halkara söwdalar bilen bir hatarda içerki bazarda hem işjeňlik synlandy. Ýerli telekeçiler Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşiginden birinji hilli bugdaý unyny satyn almak barada özara bähbitli geleşikleri amala aşyrdylar.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy