744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
05.06.2026
Türkmenistan ABŞ-nyň maýa goýumlaryny çekmek boýunça hyzmatdaşlygy giňeldýär

Paýtagtymyzyň Söwda-senagat edarasynda geçirilen Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» maslahaty ýurdumyzyň maýa goýum özüne çekijiligini maslahatlaşmak üçin möhüm meýdança boldy. Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň ýolbaşçylarynyň hem-de geňeşiň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuartyň ýolbaşçylygyndaky amerikan işewürler wekiliýetiniň gatnaşmagynda geçen duşuşykda halkara maýa goýumlaryny guramak we netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerine aýratyn üns berildi.

Amerikan kompaniýalary Türkmenistanda döredilen amatly guramaçylyk-hukuk gurallaryndan ugur alyp, ýurduň giň gerimli döwlet maksatnamalaryna we strategik taslamalaryna uly möçberli maýa goýumlaryny gönükdirmäge gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar.

Maslahatda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň täze tapgyryna badalga beren iň ýokary derejedäki saparlaryň ähmiýeti bellenilip, maýa goýum işjeňligini artdyrmagyň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi. Söwda-ykdysady gatnaşyklaryň esasyny düzýän senagat, innowasion tehnologiýalar we gurluşyk ulgamlary bilen bir hatarda, ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyna maýa goýumlaryny çekmek maslahatyň esasy temalarynyň biri boldy. Türkmenistan energetika pudagyna dünýäniň iň oňat tejribelerini, öňdebaryjy inženerçilik çözgütlerini hem-de kämil tehnologiýalaryny ornaşdyrmak arkaly daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen uzak möhletleýin we özara bähbitli maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmäge doly taýýardyr.

Gatnaşyjylar strategik pudaklarda, şol sanda nebitgaz we energetika ugurlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy täze derejä çykarmak we haryt dolanyşygyny artdyrmak boýunça anyk meýilnamalary we taslamalary ara alyp maslahatlaşdylar. Maý aýynda döredilen Türkmen-amerikan işewürlik hyzmatdaşlygy birleşigi (TABCA) bu ugurdaky gatnaşyklary has-da utgaşdyrmak hem-de täze durnukly maýa goýum platformalaryny emele getirmek üçin güýçli gural bolar diýlip garaşylýar. Şeýle hem geçirlen aýratyn ikitaraplaýyn duşuşyklar taraplaryň Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyny bähbitli ulanmak we bilelikdäki taslamalary maliýeleşdirmek ugrunda ynamly ädimleri ätmäge taýýardygyny görkezdi.

 

Çeşme: «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti