744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
06.06.2026
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bäş aýyň jemleri boýunça Hökümet mejlisini geçirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň başlyklygynda sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Onda 2026-njy ýylyň ilkinji bäş aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi hem-de öňde duran wajyp wezipeler kesgitlenildi.

Mejlisde milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada habar berildi hem-de ýurdumyzyň makroykdysady görkezijileri diňlenildi. Hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim derejede durnukly saklandy. Pudaklar boýunça ösüş depgini senagatda 2,6%, gurluşykda 6,4%, ulag-aragatnaşykda 10,2%, söwda ulgamynda bolsa 7,9% boldy.

Nebit-gaz, gurluşyk-senagat we söwda toplumlarynda meýilnamalar artygy bilen berjaý edildi. Ýarym ýyllygyň öňüsyrasynda içerki bazary harytlar bilen üpjün etmek hem-de önümçilik kärhanalarynyň kuwwatyny artdyrmak boýunça işler üstünlikli dowam etdirildi. Oba hojalygy ulgamynda bolsa galla oragyna guramaçylykly girişildi we beýleki agrotehniki çäreler yzygiderli alnyp baryldy.

Medeni-ynsanperwer, bilim, saglygy goraýyş we sport ulgamlarynda hem ýokary sepgitler gazanyldy. Ýurdumyzyň ýaşlary halkara bäsleşiklerde we sport ýaryşlarynda durnukly ýeňişleri üpjün etdiler. Şeýle-de, daşary syýasat we ulag-kommunikasiýa ugurlarynda sebit hem-de halkara ähmiýetli wajyp çäreler üstünlikli durmuşa geçirildi.

Mejlisiň ahyrynda Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda durnukly ösüşiň üpjün edilýändigini we gurluşyk işleriniň batly depginler bilen dowam edýändigini kanagatlanma bilen belledi hem-de anyk wezipeleri tabşyrdy.

 

Çeşme: «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti