Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň başlyklygynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly mejlisinde nebit-gaz toplumynda 2026-njy ýylyň ýanwar — maý aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine seredildi. Mejlisiň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Guwanç Agajanow ýurdumyzda uglewodorod serişdeleriniň çykarylyşyny artdyrmak we eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça alnyp barlan çäreler barada hasabat berdi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berdi.
Geçen bäş aýyň jemleri boýunça ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynda ýokary önümçilik görkezijileri gazanyldy. “Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan nebit çykarmak meýilnamasy 107,6 göterim, tebigy we ugurdaş gazy çykarmak meýilnamasy bolsa 106,6 göterim ýerine ýetirildi. Şeýle-de nebiti gaýtadan işleýän zawodlar boýunça bellenen meýilnama 104,6 göterim berjaý edildi.
Hasabat döwründe nebit önümleriniň önümçiliginde durnukly ösüş üpjün edildi. Hususan-da, benzin öndürmek meýilnamasy 110 göterim, dizel ýangyjy 110,4 göterim, çalgy ýaglary 124,1 göterim hem-de suwuklandyrylan gaz öndürmek boýunça görkeziji 111,4 göterim derejede berjaý edildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň nebit-gaz senagatynyň kuwwatyny has-da netijeli peýdalanmagyň wajypdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz önümçilik kärhanalaryny doly güýjünde we bökdençsiz işletmek, pudaga innowasion tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak hem-de geologiýa-gözleg, buraw işleriniň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak boýunça wise-premýer Guwanç Agajanowa anyk tabşyryklary berdi.