744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
06.06.2026
Türkmenistanyň nebitgaz pudagynda emeli aň ulgamy synagdan geçiriler

Nebitgaz pudagynda çaklamalary amala aşyrmak üçin emeli aňy ulanmak boýunça synag taslamalaryny durmuşa geçirmek meýilleşdirilýär. Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi bu ugurdaky işleri halkara hyzmatdaşlar bilen bilelikde alyp barar. Bu barada Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministri Hajymyrat Hudaýgulyýew Sankt-Peterburg halkara ykdysady forumynyň (PMÝF-2026) «Sanly geljek: ösüşiň umumy ugurlary, wehimler we çözgütler» atly mejlisinde çykyş edende mälim etdi.

Şeýle hem emeli aň ulgamy ulag-logistika geçelgelerini dolandyrmakda we oba hojalygynda suw serişdelerini netijeli ulanmakda synagdan geçiriler. Bu maksatlara ýetmek üçin, «Türkmentelekom» döwlet elektroaragatnaşyk kompaniýasynyň binýadynda emeli aň ulgamynda Başarnyklar merkezini döretmek göz öňünde tutulýar. Täze merkez milli sanly ileri tutulýan ugurlary goldamak, ylmy-barlag işlerini geçirmek hem-de ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak bilen meşgullanar.

Ministr Türkmenistanda emeli aňyň, uly maglumatlaryň (Big Data), blokçeýn tehnologiýalarynyň we kiberhowpsuzlygyň ykdysady ösüşiň esasy hereketlendiriji güýçleri hökmünde görülýändigini aýtdy. Häzirki wagtda emeli aň çözgütleri bilim, saglygy goraýyş, oba hojalygy we ulag pudaklarynda eýýäm işjeň ornaşdyrylýar.

Soňky üç ýylyň dowamynda ýurtda halkara internet kanallarynyň geçirijilik ukyby on esse artdy. Hajymyrat Hudaýgulyýewiň sözlerine görä, bu ýagdaý sanly hyzmatlaryň, elektron söwdanyň we serhetüsti maglumat alyş-çalşygynyň ösdürilmegi üçin berk binýat döredýär.

Şonuň bilen bir wagtda, ýurtda strategik ähmiýetli infrastruktura taslamalary durmuşa geçirilýär. Olaryň hatarynda Serhetabat – Hyrat ugry boýunça Günorta Aziýanyň bazarlaryna çykýan optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň gurluşygy hem-de Hazar deňziniň düýbi boýunça suwasty kabeliň çekilmegi bar. Bu taslamalar Ýewropa bilen Aziýanyň arasynda täze ýokary tizlikli sanly ugurlary döreder we halkara aragatnaşyk kanallarynyň ygtybarlylygyny has-da ýokarlandyrar.