744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
08.06.2026
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynda bäş aýyň jemleri jemlendi

Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda 6-njy iýunda hasabat ýygnagy geçirildi. Duşuşyk «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň geçen bäş aýynda bitirilen işleriň jemlerine bagyşlandy. Maslahatda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň öňünde goýan anyk wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada «Nebit-gaz» gazetinde habar berildi.

Hasabat ýygnagyny açan Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Guwanç Agajanow döwlet Baştutanymyzyň pudagyň işgärlerine uly ynam bildirýändigini nygtady. Wise-premýer nebitgaz senagatyny kämilleşdirmek, döwrebap enjamlary we innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak hem-de önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak üçin ähli şertleriň döredilýändigini aýtdy we pudagyň öňünde duran esasy maksatlara ünsi çekdi.

Maslahatyň dowamynda «Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygy Guwanç Agajanowyň, «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýewiň we «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň başlygy Gurbangeldi Garlyýewiň, şeýle-de beýleki ýolbaşçylaryň hasabatlary diňlenildi. Çykyşlarda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň wajyp tapgyry bolan Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň gurluşyk işleriniň barşyna hem-de bu ugurdaky taslamalary döwrüň talabyna laýyk dowam etdirmegiň ähmiýetine aýratyn orun berildi.

Şeýle hem ýygnakda «Galkynyş» gaz käninde işleri işjeňleşdirmek, täze ýataklary ýüze çykarmak, daşary ýurt maýadarlary bilen hyzmatdaşlygy berkitmek we önümçiligi bökdençsiz üpjün etmek ýaly meseleler bellenildi. Munuň bilen birlikde, pudaga degişli sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde tomusky möwsümi ýokary guramaçylykly geçirmek baradaky tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi barada durup geçildi.

Wise-premýer Guwanç Agajanow amala aşyrylýan iri taslamalary yzygiderli gözegçilikde saklamagyň we iş prosesine sanly ulgamy ornaşdyrmagyň zerurdygyny mälim etdi. Oňa laýyklykda, «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň hem-de «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň öňünde täze wezipeler goýuldy. Ýygnagyň ahyrynda toplumyň ýolbaşçysy pudak işgärlerine hormatly Prezidentimiziň öňde goýan belent maksatlaryny durmuşa geçirmekde üstünlikler arzuw etdi.