744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
11.06.2026
Nebit-gaz uniwersitetiniň talyplary Huawei bäsleşiginiň baýrakçysy boldy

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyplary Yslam Haýytmuhammedow bilen Gurban Orazmämmedow Hytaýyň Şençžen şäherinde geçirilen «Huawei ICT Competition 2025–2026 Global Final» atly halkara bäsleşikde uly üstünlik gazandylar. Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň düzüminde çykyş eden bu talyplar maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary boýunça gurnalan abraýly bäsleşigiň bütindünýä jemleýji tapgyrynda baýrakly 3-nji orny eýelemegi başardylar. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrligi habar berdi.

Şu ýylyň 2-5-nji iýuny aralygynda geçirilen bäsleşikde ýurdumyza wekilçilik eden milli toparyň düzüminde Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyplary bilen birlikde Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Sanly ulgam we maglumat howpsuzlygy bölüminiň başhünärmeni Şirmuhammet Wepaýew hem-de Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby Arslan Italmazow dagylar hem bar edi. Olar «Practical competition network tracking» ugrundaky ýaryşlarda öz ukyplaryny üstünlikli görkezdiler.

Bu bäsleşik dünýä derejesinde örän uly bäsdeşlik şertlerinde geçip, oňa 100-den gowrak döwletden we 2 000-den gowrak ýokary okuw mekdebinden 1 million 180 müňden gowrak talyp hem-de halypa mugallymlar goşuldylar. Birnäçe tapgyrdan ybarat bolan bäsleşigiň ilkinji tapgyrlary ýurt içinde we sebit derejesinde guraldy. Şençžende geçirilen üçünji, ýagny bütindünýä final tapgyryna bolsa dünýäniň 40-dan gowrak ýurdundan saýlanan 500 sany bäsleşiji gatnaşyp, olar jemi 170 sany topary emele getirdiler.

Bäsleşigiň esasy maksady korporatiw ulgamlary taslamak, olary sazlamak we kiberhowpsuzlygyny üpjün etmek ukyplaryny amaly taýdan barlamakdan ybarat boldy. Sekiz sagatlap dowam eden laboratoriýa synagynda 25 ýurtdan gelen iň güýçli gatnaşyjylar torda ugurlandyryş (routing) işlerini sazlamak, ulgamy optimizirlemek we arhitektura näsazlyklaryny aradan aýyrmak ýaly çylşyrymly meseleleri çözdüler. Şeýle çylşyrymly şertlerde türkmen talyplary öz professional taýýarlygyny subut edip, dünýäniň iň güýçli üç toparynyň hataryna girmegi başardylar.