Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde 10-njy iýunda ýurdumyzyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Sasaki Hiroşi bilen duşuşygy boldy. Gepleşikleriň dowamynda taraplar türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň şu günki gününiň möhüm meselelerini we ony mundan beýläk-de ösdürmegiň geljekki ugurlaryny giňişleýin ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar berdi.
Diplomatlar ikitaraplaýyn gatnaşyklar bilen bir hatarda, halkara guramalaryň we düzümleriň çäklerinde alnyp barylýan özara hyzmatdaşlyga aýratyn üns berdiler. Şunda bütindünýä parahatçylygyny, howpsuzlygyny hem-de durnukly ösüşi pugtalandyrmak maksady bilen, halkara giňişlikde hereketleri yzygiderli utgaşdyrmagyň zerurdygy bellenildi. Duşuşygyň jemleri boýunça iki ýurduň arasyndaky konstruktiw dialogy hem ikitaraplaýyn esasda, hem köptaraplaýyn platformalarda täze sepgitlere çykarmaga ygrarlylyk tassyklanyldy.
Häzirki wagtda türkmen-ýapon gatnaşyklary ykdysadyýet, energetika, ulag-logistika we bilim pudaklarynda işjeň ösdürilýär, şeýle hem "Merkezi Aziýa — Ýaponiýa" dialogynyň çäklerinde has-da pugtalandyrylýar. Ýaponiýanyň öňdebaryjy kompaniýalary Türkmenistanyň nebit-gaz we himiýa senagatyndaky iri taslamalara netijeli gatnaşyp, ýurduň senagat kuwwatyny döwrebaplaşdyrmaga uly gyzyklanma görkezýärler. Iki döwletiň hökümetara gepleşikleri esasynda häzirki wagtda ýapon tehnologiýalaryny önümçilige ornaşdyrmak we täze maliýe-ykdysady ylalaşyklary durmuşa geçirmek boýunça maksatnamalaýyn işler amala aşyrylýar.