744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
11.06.2026
Türkmenistanyň nebitçileri üçin suw önümçiliginiň möçberi yzygiderli artdyrylýar

«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň Balkanabatdaky Suw üpjünçilik müdirligi hasabat döwründe uly zähmet üstünligini gazandy. Müdirlik boýunça 1 million 292 müň kub metrden gowrak agyz we önümçilik suwy alnyp, ösüş depgini 102 göterim ýokarlandy. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, sarp edijilere 16 müň 350 kub metre golaý artykmaç suwuň ugradylandygyny görkezýär. Gazanylan sepgitler nebit-gaz pudagynyň çig mal çykaryjylaryny we ýerli ilaty suw bilen bökdençsiz üpjün etmäge mümkinçilik berdi. Bu barada «Nebit-gaz» gazeti habar berdi.

Suw üpjünçiligini has-da gowulandyrmak maksady bilen, häzirki wagtda desgalarda we turba geçirijilerde düýpli abatlaýyş işleri guralýar. «Ýöritegurluşykgurnama» müdirliginiň goldawy bilen Ýasga — Balkanabat aralygyndaky 900 we 720 millimetrlik geçirijilerde jemi 1130 metr turbanyň doly çalşylmagy üpjün edildi. Şeýle hem Jebel — Goturdepe we Balkanabat — Uzboý ugurlary täzelenip, Ýasga ýatagynyň özünde 16,5 kilometrlik içki ulgam abatlandy.

Şol bir wagtda «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň welaýatlardan gelen burawlaýjylar toparlary Ýasga ýatagyndaky hereketsiz duran guýulary täzeden gazmak we dikeltmek işlerini alyp barýarlar. Müdirligiň ýolbaşçysy Döwletgeldi Nurjanowyň bellemegine görä, Ýasga, Balkanabat, Goturdepe we Ekerem sehleriniň işgärleri Balkanabat şäheriniň hem-de golaý daky şäherçeleriň ýaşaýjylaryny süýji suw bilen, nebitçileri bolsa önümçilik suwy bilen durnukly üpjün etmekde nusgalyk zähmet çekýärler.