Türkmenistanda 12-nji iýunda giňden bellenilýän Ylymlar güni mynasybetli, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde aýratyn çäre guraldy. Ýokary okuw mekdebinde «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýokary hünärli inžener-tehniki işgärleri taýýarlamakda innowasion tehnologiýalaryň orny» atly ylmy-amaly maslahat üstünlikli geçirildi. Bu barada «Nebit-gaz» elektron gazeti habar berdi.
Maslahatyň açylyşynda we umumy mejlisinde çykyş eden ýokary okuw mekdebiniň mugallymlary ýurtda ylym-bilim ulgamynyň ösüşlerine degip geçdiler. Çykyşlarda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda bu ugra uly üns berilýändigi we aýratyn hem ýaş nesliň ylmy-barlag işleri bilen meşgullanmagy üçin döwlet derejesinde ähli şertleriň döredilýändigi barada aýdyldy.
Ylmy-amaly çäre umumy mejlisden soňra öz işini sekiz sany ýöriteleşdirilen bölümçede dowam etdirdi. Bölümçelerdäki çykyşlar örän gyzgalaňly we täsirli pikir alyşmalar bilen utgaşyp, gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.
Ylymlar güni mynasybetli diňe bir bu uniwersitetde däl, eýsem tutuş ýurt boýunça halkara derejeli ylmy maslahatlaryň we dabaralaryň toplumyny guramak meýilleşdirilýär. Döwlet Baştutany Serdar Berdimuhamedow ylym ulgamyny kämilleşdirmegiň möhümdigini belläp, bu baýramçylyk günlerinde Türkmenistanyň ylmy gazananlaryny halkara jemgyýetçiligine ýetirmek hem-de daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary has-da berkitmek barada degişli tabşyryklary berdi.