Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň ähli ylym wekillerini hem-de «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly halkara maslahatyň utgaşykly görnüşde geçirilýän çärelerine gatnaşyjylary ýetip gelen ajaýyp baýram bilen mähirli gutlady. Ýurduň Ýolbaşçysy öz ýüzlenmesinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň gazanýan belent sepgitleriniň we ösüşleriniň berk ylmy esaslara hem-de täze innowasiýalara daýanýandygyny mälim etdi. Bu barada «Türkmenistan bu gün» Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berdi.
Döwlet Baştutanymyzyň belleşi ýaly, häzirki döwürde milli ylym ulgamyny dünýä derejesine çykarmak, döwrebap innowasion senagat pudaklaryny kemala getirmek we iri sebit taslamalaryny durmuşa geçirmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ylmy-barlag institutlarynda, Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda we ýokary okuw mekdeplerinde gazanylan ylmy netijeler önümçilige işjeň ornaşdyrylyp, ýurtda adam maýasyny hemmetaraplaýyn ösdürmäge uly üns berilýär.
Şonuň bilen bir wagtda, Türkmenistanyň dünýäniň abraýly ylym-bilim merkezleri, halkara guramalary we assosiasiýalary bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny barha giňeldýändigi aýratyn nygtaldy. Hormatly Prezidentimiz halkara ylmy foruma dünýäniň dürli künjeklerinden meşhur alymlaryň gatnaşmagynyň ýurdumyzda amala aşyrylýan ylmy-tehniki özgertmelere daşary ýurtlarda bolan uly gyzyklanmanyň aýdyň şatnamasydygyny belläp, maslahata gatnaşyjylara ylmy-döredijilik ýolunda täze üstünlikleri arzuw etdi.