Türkmenistanyň Ýokary attestasiýa komitetiniň prezidiumynyň karary esasynda, döwlet Baştutany Serdar Berdimuhamedowa ykdysady we syýasy hünärler boýunça professor alymlyk ady dakyldy. Bu çözgüt degişli geňeşleriň netijenamalaryna hem-de hormatly Prezidentimiziň häzirki zaman ylmynyň ösmegine, ýurtda ýokary taýýarlykly alymlaryň täze nesliniň kemala gelmegine goşan goşandyna esaslanyp kabul edildi. Döwlet Baştutanynyň innowasion-senagat, durmuş-ykdysady özgertmeleri amala aşyrmakda hem-de parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty durmuşa geçirmekde bitiren ägirt uly işleri aýratyn bellenildi.
Şunuň bilen birlikde, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Umumy ýygnagynyň çözgüdine laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti ykdysady we syýasy ylymlar boýunça akademiki derejesine saýlanyldy. Döwlet Baştutanymyzyň halkyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak, ykdysadyýete öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak hem-de ylym-bilim ulgamyny dünýä ülňülerine laýyk getirmek ugrundaky tagallalary bu ýokary ada mynasyp görülmegine sebäp boldy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasaty Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň dünýäniň ykdysady taýdan çalt depginler bilen ösýän döwletleriniň hataryndaky ornuny has-da berkidýär. Şeýle hem bu uly ylmy üstünlikler ýurduň halkara abraýynyň artmagyna hem-de dünýäde parahatçylyk, dost-doganlyk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna ýardam edýär.
Çeşme: «Türkmenistan bu gün» Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi