«Türkmengaz» döwlet konsernine garamagyndaky edara-kärhanalar tarapyndan alnyp barylýan gurluşyk işleri üçin zerur bolan degişli möçberdäki polat turbalary satyn almak barada Hytaý Halk Respublikasynyň «Julong Steel Pipe Сo., Ltd.» kompaniýasy bilen şertnamany öz serişdeleriniň hasabyna baglaşmaga ygtyýar berildi.
Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 12-nji iýunda gol çekdi.
Resminama Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen kabul edildi.