744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
13.06.2026
Türkmenistanyň suwuklandyrylan gazy daşary ýurt bazarlarynda uly islegden peýdalanýar

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda 12-nji iýunda geçirilen söwdalarynda daşarky we içerki bazarlarda birnäçe şertnamalar baglaşyldy. Hususan-da, Owganystanyň we Özbegistanyň telekeçileri «Türkmengaz» döwlet konserni tarapyndan öndürilen suwuklandyrylan gazy satyn aldylar. Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bäsleşikli söwdalaryň çäklerinde netijeli ylalaşyklar gazanyldy. Bu barada döwlet söwda edaranyň metbugat gullugy habar berdi.

Munuň bilen birlikde, Türkiýe Respublikasynyň işewür toparynyň wekilleri türkmen telekeçilerinden nah ýülügini satyn almak boýunça geleşikleri amala aşyrdylar. Şeýle hem içerki bazarda ýerli telekeçiler Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginden uly möçberde nah ýülügini satyn almak barada ylalaşyk baglaşdylar.

Geçirilen söwdalaşyklaryň we şertnamalaryň netijesinde jemi 14 sany geleşik hasaba alyndy. Amala aşyrylan bu geleşikleriň umumy bahasy 14 million 199 müň 200 ABŞ dollaryna hem-de 63 million 257 müň 400 manada deň boldy. Birža söwdalary ýurduň eksport kuwwatynyň artýandygyny görkezýär.