Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda guralan söwdalaşyklarda ýurduň ýangyç-energetika toplumynyň önümlerini ýerlemek boýunça birnäçe möhüm şertnamalar baglaşyldy. Hepde içinde daşary ýurtly hyzmatdaşlar tarapyndan «Türkmengaz» döwlet konserniniň öndüren suwuklandyrylan gazyny satyn almaga aýratyn üns berildi. Has takgygy, Owganystanyň we Özbegistanyň işewürler toparlary türkmen suwuklandyrylan gazyny uly möçberlerde satyn almak boýunça biržada şertnamalary resmileşdirdiler.
Şonuň bilen birlikde, içerki bazarda ýerli telekeçiler hem nebit-gaz pudagynyň önümlerini satyn almakda işjeňlik görkezdiler. Türkmenistanyň hususy pudagynyň wekilleri «Türkmennebit» döwlet konserninden ýol gurluşygynda giňden ulanylýan «BND 60/90» kysymly şepbeşik nebit ýol bitumyny satyn aldylar.
Şeýle-de nebit-gaz önümlerinden başga-da şol günleriň söwdalaşyklarynda, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginden buýan köküniň dermanlyk önümleri Serbiýanyň hem-de BAE-niň işewürleri tarapyndan, şeýle hem Dokma senagaty ministrliginiň nah ýülügi Türkiýe Respublikasynyň we ýerli kärhanalaryň wekilleri tarapyndan satyn alyndy. Nebitgaz we beýleki harytlar ugurdaky guralan söwda günlerinde jemi 37 sany geleşik hasaba alnyp, olaryň bahasy 198 million 257 müň 400 manada hem-de 15 million 522 müň 25 ABŞ dollaryna barabar boldy.