744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
15.06.2026
Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligine taýýarlyk görülýär

Türkmenistanyň Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini guramaçylykly geçirmek boýunça giň gerimli taýýarlyk işleri utgaşdyrylýar. Bu ugurda durmuşa geçirilýän çäreler Prezident Serdar Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde sanly ulgam arkaly guralan Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berdi.

Mejlisde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Bahar Seýidowa taýýarlyk işleriniň gidişi barada hasabat berdi. Wise-premýer her ýyl däp bolup geçirilýän bu uly dabaranyň Medeniýet we sungat işgärleriniň, şeýle hem Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli guralýandygyny mälim etdi. Döredijilik forumy şu ýylyň 22 — 27-nji iýuny aralygynda bolar.

Guraljak medeni çäräniň maksatnamasy gaty baý bolup, ol sungatyň we çeper döredijiligiň dürli ugurlaryny öz içine alýar. Forumyň resmi açylyş hem-de ýapylyş dabaralary Balkanabat şäherindäki döwrebap «Türkmeniň ak öýi» binasynda guralar. Hepdeligiň dowamynda aýdym-sazly çykyşlar, ylmy-amaly maslahatlar, dürli sergiler, döredijilik duşuşyklary, edebi agşamlar, kino görkezilişleri we täze sahna eserleri tomaşaçylara ýetiriler.

Şeýle hem bu baýramçylyk günlerinde öň yglan edilen döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijileri yglan edilip, olaryň jemleri jemlener. Mundan başga-da, Magtymguly adyndaky Milli sazly drama teatrynyň taýýarlan «Leýli we Mejnun» operasy bäsleşigiň gatnaşyjylaryna we myhmanlaryna görkeziler.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow ýurtda medeniýet ulgamyny ösdürmäge, halkymyzyň milli mirasyny gorap saklamaga we ony halkara derejede dabaralandyrmaga uly üns berilýändigini belledi. Prezidentimiz hünär baýramçylygyna bagyşlanan bu çäreleriň ýurdumyzyň jemgyýetçilik durmuşyndaky uly ornuny nygtap, wise-premýere Medeniýet hepdeliginiň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.