744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
16.06.2026
Türkmenistanyň Prezidenti we Türkmen halkynyň Milli Lideri Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyny gutladylar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpini doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlap, oňa iň gowy arzuwlaryny ýolladylar. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berdi.

Ýollanan gutlag hatlarynda Hytaýyň soňky ýyllarda gazanan uly durmuş-ykdysady üstünliklerinde, halkara abraýynyň ýokarlanmagynda hem-de halkyň ýaşaýyş derejesiniň gowulandyrylmagynda Hytaýyň ýolbaşçysynyň parasatly baştutanlygynyň hem-de bitiren şahsy hyzmatlarynyň örän uludygy aýratyn bellenildi.

Döwlet Baştutanymyz we Gahryman Arkadagymyz özara ynanyşmak, deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak hem-de milli bähbitleri nazara almak ýörelgelerine daýanýan türkmen-hytaý gatnaşyklaryna ýokary baha berdiler. Bu hyzmatdaşlygyň dünýä giňişliginde nusgalyk derejededigi nygtalyp, geljekde hem iki taraplaýyn dostlukly we strategik gatnaşyklaryň iki halkyň bähbidine täze many-mazmun bilen has-da berkdiljekdigine hem-de giňeldiljekdigine berk ynam bildirildi.

Gutlaglaryň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti we Halk Maslahatynyň Başlygy ýakymly pursatdan peýdalanyp, Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine berk jan saglyk, uzak ömür, maşgala abadançylygyny hem-de jogapkärli döwlet işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdiler. Şeýle hem Hytaýyň dostlukly halkyna hemişelik parahatçylyk, bagt we mundan beýläk-de gülläp ösüş dilegleri ýollandy.