Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda nobatdaky bäsleşikli söwdalar geçirildi. Guralan birža söwdalarynyň netijesinde daşary ýurtly telekeçiler bilen eksport şertnamalarynyň birnäçesi resmileşdirildi. Şeýlelikde, Türkmenistanyň energetika pudagynyň önümlerine daşarky bazarda bolan islegiň ýokarydygy ýene-de bir gezek tassyklanyldy.
Bu gezekki söwda tapgyrynda Birleşen Arap Emirlikleriniň, Owganystanyň hem-de Özbegistanyň işewürlik dünýäsiniň wekilleri işjeňlik görkezdiler. Daşary ýurtly hyzmatdaşlar “Türkmengaz” döwlet konserni tarapyndan öndürilen suwuklandyrylan gazy uly möçberde satyn almak baradaky şertnamalara gol çekdiler. Ýangyç önümleriniň bu görnüşi sebitiň bazarynda iň geçginli harytlaryň biri bolup durýar.
Birža täzeliklerine görä, söwdalaşyklaryň barşynda jemi 6 sany iri geleşik hasaba alyndy. Şol şertnamalaryň umumy bahasy 7 million 191 müň 600 ABŞ dollaryna deň boldy. Baglaşylan ykdysady ylalaşyklar ýurduň eksport kuwwatyny has-da berkitmäge we sebitara söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge goşant goşar.