«Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde Ylymlar güni mynasybetli uly sergi guraldy. Bu baýramçylyk çäresinde esasy üns talyp ýaşlaryň ylmy taslamalaryna we oýlap tapyşlaryna gönükdirildi. Dürli ugurlary öz içine alýan işler talyplaryň ukyplaryny we döredijilik başarnyklaryny açyp görkezdi. Bu barada okuw jaýynyň saýtynda habar berildi.
Mekdebiň mugallymlarynyň we talyplarynyň bilelikde taýýarlan innowasion taslamalary geljekde ýurduň ykdysadyýetini ösdürmäge uly goşant goşmaga ukyplydyr. Sergä gelen tejribeli alymlar we pudaklaýyn hünärmenler görkezilen işlere ýokary baha berip, okuw ojagynda berilýän bilimiň önümçilik bilen berk baglanyşyklydygyny aýratyn nygtadylar. Ýaşlaryň hödürlän täzeçil çözgütleri hünärmenlerde uly gyzyklanma döretdi.
Bu guralan sergi ýaş nesliň ylma bolan höwesini has-da artdyrmakda we ýurduň ykdysady kuwwatyny berkitmekde möhüm ädim boldy. Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ýaşlaryň döwrebap ylym-bilim almagy we kämilleşmegi ugrunda giň mümkinçilikleri döredip berýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadaga hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.