744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
16.06.2026
Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlary ylmy bäsleşikde ýokary netije görkezdiler

Ylymlar güni mynasybetli ýaşlaryň arasynda geçirilen 2026-njy ýylyň ylmy bäsleşiginde «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlary uly üstünlik gazandylar. Ýaryşyň netijelerine görä, okuw mekdebiniň mugallymlary Gurbangeldi Garageldiýew birinji orna, Gülistan Toýçyýewa bolsa üçünji orna mynasyp boldy. Bu barada okuw jaýynyň saýtynda habar berildi.

Gazanylan bu ýokary görkezijiler diňe bir mugallymlaryň däl, eýsem bellenilen bilim ojagynyň ylmy-pedagogik kuwwatynyň hem-de bilim bermegiň derejesiniň ýokarydygyny aýdyň subut edýär. Çärä gatnaşyjylar ýaşlara ylym dünýäsinde giň mümkinçilikleri açyp berýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz minnetdarlyk bildirdiler.

Türkmenistanyň ylym we bilim ulgamy Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda düýpli özgerişleri hem-de belent sepgitleri başdan geçirýär. Ýaş nesliň ylmy-gözleg işlerine bolan höwesini artdyrmak, olaryň döredijilik ukyplaryny ýüze çykarmak we goldamak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy hem-de Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan ýaşlaryň arasynda guralýan ylmy işleriň bäsleşigi her ýyl täze zehinleri ýüze çykarýar.