744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
17.06.2026
Innowasion programmalar arkaly geologiýa-geofiziki barlaglaryň netijeliligi ýokarlanýar

«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň geofizika bölüminde ýörite amaly okuw sapagy guraldy. Bu çäre nebitgaz ýataklarynyň üç ölçegli geologik-gidrodinamik modellerini taýýarlamakda iň döwrebap programma üpjünçiligini ulanmaga bagyşlandy. Bu barada «Nebit-gaz» gazeti habar berdi.

Tejribe alyşmak sapagyna bölümiň ýolbaşçysy Hatyja Çopanowa hem-de institutyň ýaş ylmy işgärleri we hünärmenleri işjeň gatnaşdylar. Şeýle okuwlar tejribeli alymlar bilen ýaş nesliň arasyndaky halypa-şagirtlik gatnaşyklaryny berkitmäge we ýaşlaryň hünär kämilleşmegine uly goşant goşýar.

Häzirki wagtda institutyň geofizika bölüminde ýurdumyzyň platforma zolagy hem-de Günorta-Günbatar Türkmenistanyň gaznebitli sebitleri boýunça giň göwrümli geologiýa-geofiziki barlaglar alnyp barylýar. Şunda buraw işleriniň maglumatlary toplumlaýyn we dessin usulda derňelip, gözleg-barlag işleriniň has netijeli ugurlary saýlanyp alynýar we degişli teklipler taýýarlanýar. Munuň özi ýetilen sepgitleri has-da berkitmäge şert döredýär.

Şonuň bilen birlikde, hünärmenler tarapyndan Gögerendag — Ekerem zolagynyň neogen çökündilerini amatly ýagdaýda burawlap geçmek boýunça möhüm işler ýerine ýetirilýär. Önümli gatlaklary açmagyň hilini ýokarlandyrmak üçin anomal-ýokary gatlak basyşlary yzygiderli çaklanylýar we şolaryň esasynda buraw edaralary üçin zerur bolan ylmy esaslandyrylan maslahatlar işlenip taýýarlanýar.