Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň uly Mejlisler zalynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Bu barada ýokary okuw jaýynyň resmi saýtynda habar berildi.
Her ýyl däp bolan bu döredijilik çäresi milli medeniýetimizi gorap saklamaga, öwrenmäge we wagyz etmäge, şeýle-de onuň jemgyýetçilik durmuşyndaky ornuny we ägirt uly mümkinçiliklerini açyp görkezmäge gönükdirilendir. Döwrebap tehniki serişdeleriň kömegi bilen amala aşyrylan her bir çykyşda milli sungatymyzyň köpöwüşginliligi we baýlygy täsirli beýan edildi.
Baýramçylyk konserti talyplaryň çeper höwesjeňler toparlarynyň uly ussatlyk bilen ýerine ýetiren «Ýaşasyn parahat durmuş!» atly edebi-sazly kompozisiýasy bilen başlandy. Bu çykyş Watanymyzyň häzirki döwrdäki ösüşlerini guwanç bilen wasp etdi we dabara gatnaşyjylara ýokary ruhubelentlik paýlady. Şeýle-de ýetilen sepgitleriň milli Liderimiziň we hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parasatly syýasatlarynyň netijesidigi aýratyn nygtaldy.
Dabaranyň dowamynda uniwersitetiň döredijilik toparlary özleriniň ýokary başarnyklaryny görkezdiler. Konsert maksatnamasynda milli nusgawy we döwrebap saz eserleri, halk dessanlary hem-de täsirli aýdymlar ýerine ýetirildi. Konsertiň ahyrynda ýaňlanan «Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany!» atly watançylyk aýdymyny ýygnananlar ör turup, şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar. Bu aýdym dabarany guraýjylaryň hem-de gatnaşyjylaryň döwlet Baştutanymyza bolan çäksiz hoşallygynyň beýanyna öwrüldi.