Türkmenistanyň nebitgaz pudagyny has-da ösdürmek we Hazar deňziniň türkmen bölegindäki uglewodorod serişdelerini netijeli özleşdirmek maksady bilen, hormatly Prezidentimiz möhüm Karara gol çekdi. Bu resminama «Uglewodorod serişdeleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda kabul edildi we milli ykdysadyýetiň kuwwatyny artdyrmaga gönükdirilendir. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berdi.
Täze Karara laýyklykda, «Türkmennebit» döwlet konsernine Hazar deňziniň degişli ygtyýarlandyrylan toplumlaryny özleşdirmek boýunça hyzmatdaşlyk şertnamasyny baglaşmaga resmi taýdan ygtyýar berildi. Bu iri energetika taslamasy daşary ýurt maýa goýumlaryny we döwrebap tehnologiýalary çekmekde möhüm ädim bolar.
Möhüm ylalaşyk Malaýziýanyň belli «PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn. Bhd.» kompaniýasy hem-de konserniň düzümindäki «Hazarnebit” döwlet kärhanasynyň arasynda amala aşyrylar. Taraplaryň bilelikdäki işi sebitde nebit we gaz çykarylyşynyň möçberlerini artdyrmaga, şeýle hem Türkmenistanyň halkara energetika bazaryndaky ornuny has-da berkitmäge ýardam eder.