Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 17-nji iýunda Ahal welaýatyna amala aşyran iş saparynyň çäginde sebitdäki galla oragynyň barşyny ýerinde synlady. Oba hojalygyny innowasion esasda döwrebaplaşdyrmak ugrundaky reformalaryň netijesinde, ýurduň ekerançylyk meýdanlarynda kämil tehnikalar netijeli ulanylýar we azyk bolçulygyny üpjün etmäge uly üns berilýär. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berdi.
Saparyň dowamynda Prezident Ak bugdaý etrabynyň «Gäwers» daýhan birleşiginiň däne meýdanyna gelip, tejribeli kärendeçi D.Muhammetsähedowyň zähmet şertleri we hasyllylyk görkezijileri bilen gyzyklandy. Döwlet Baştutanymyz daýhanyň haýyşy boýunça täze oraga ak pata berdi. Ýurdumyzda 2024-nji ýylyň hasylyndan başlap bugdaýyň, pagtanyň we şalynyň döwlet satyn alyş nyrhlarynyň ýokarlandyrylmagy hem babadaýhanlaryň hasyly bökdençsiz ýygnamaga bolan höwesini has-da artdyrdy.
Mundan başga-da, sebitde ýetişdirilen güýzlük bugdaýyň täze görnüşleri, gök-bakja önümleri we täze undan taýýarlanylan çörek önümleriniň sergisi guraldy. Saparyň ahyrynda degişli hasabatlary diňläp, dänäni ýitgisiz ýygnamagy tabşyran Arkadagly Gahryman Serdarymyz halal zähmet çeken kärendeçä gymmat bahaly sowgatlary gowşurdy.