744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
19.06.2026
BMG-niň Baş Assambleýasynyň Bitaraplyk baradaky Kararnamasy Guramanyň alty resmi dilinde neşir edildi

Türkmenistanyň öňe süren başlangyjy esasynda kabul edilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi goldamakda hem-de berkitmekde Bitaraplyk syýasatynyň orny we ähmiýeti» atly 82/262 belgili Kararnamasy Guramanyň alty sany resmi diliniň hersinde aýratyn çap edildi. Bu barada Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasynyň metbugat gullugy habar berdi.

Resminamanyň BMG-niň ähli resmi dillerinde neşir edilmegi onuň kabul edilmeginden soňky degişli şertleri doly tamamlaýar. Bu çäre Kararnamanyň Birleşen Milletler Guramasyna agza bolan döwletleriň arasynda giňden ýaýradylmagyna hem-de durnukly tanyşdyrylmagyna şert döredýär.

Ýurdumyzyň başlangyjy bilen Baş Assambleýanyň mejlisinde biragyzdan goldanylan bu resminama gün tertibiniň göni bitaraplyk meselelerine degişli aýratyn bölüminiň çäklerinde kabul edilen ilkinji BMG resminamasydyr. Ol dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekde bitaraplyk nusgasynyň ornuny has-da güýçlendirmäge ýardam edýär.

Şeýle hem bu möhüm Kararnama öňüni alyş diplomatiýasyny, dawalary parahatçylykly çözmekde araçyllyk wezipelerini we BMG-niň rly astynda halkara hyzmatdaşlygyny täze hile götermek boýunça birnäçe amaly wezipeleri özünde jemleýär.