744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
19.06.2026
Talybyň oýlap tapan täze roboty nebitgaz pudagynda sanlylaşdyrmagyň ösüşine goşant bolar

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby Meýlis Çüriýew turbageçirijilerde gazyň syzylyp çykýan ýerlerini awtomatiki usulda anyklamaga ukyply bolan emeli aňly roboty taslady. Sanly tehnologiýalar we kiberhowpsuzlyk fakultetiniň 4-nji ýyl talybynyň bu ylmy açyşy ýurduň nebitgaz pudagynda sanly ulgamyň ornaşdyrylmagyna önümli mysal boldy. Ýaş alymyň döreden innowasion enjamy önümçilik durnuklylygyny we ekologik howpsuzlygy üpjün etmekde uly ähmiýete eýedir. Bu barada «Nebit-gaz» gazeti habar berdi.

Bu taslama Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň hem-de Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň guramagynda geçirilen ýaşlaryň ylmy işler boýunça bäsleşiginde ýokary baha mynasyp boldy. Emin agzalary tarapyndan döwrebap taslamalaryň biri hökmünde saýlanan bu robot daşarky bazarlardaky meňzeş enjamlardan özüniň elýeterliligi we ykdysady taýdan amatlylygy bilen tapawutlanýar.

Täze robot meşhur Arduino tehnologiýasynyň we ýörite programmirleme dilleriniň binýadynda gurnaldy. Bu bolsa enjamyň özüni düşýän bahasyny ep-esli arzandatmak bilen birgide, geljekde onuň funksional mümkinçiliklerini has-da giňeltmäge şert döredýär. Taslama eýýäm hünärmenleriň ünsüni çekip, ýurduň energetika pudagynyň sanly üpjünçiligini kämilleşdirmekde uly geljegi bar diýlip garaşylýar.