Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda 18-nji iýunda geçirilen birža söwdalarynda daşary ýurtly we ýerli telekeçileriň gatnaşmagynda umumy bahasy 8 million 108 müň 400 ABŞ dollaryna deň bolan iri şertnamalaryň 3-si hasaba alyndy. Şeýlelikde, türkmen önümlerine bolan daşarky isleg ýokary derejede galmagyny dowam edýär. Bu barada biržanyň metbugat gullugy habar berdi.
Geleşikleriň çäginde Owganystanyň işewürlik wekilleri «Türkmennebit» döwlet konserni tarapyndan öndürilen, gidrousulda arassalanan dizel ýangyjyny satyn aldylar. Şeýle-de, Türkiýe Respublikasynyň telekeçileri ýerli öndürijilerden dizel we benzin motorlary üçin niýetlenilen «DASOIL» (SAE-20W50, API С-1-4S/L) kysymly möwsümleýin hem-de ähli möwsümlere laýyk gelýän ýokary hilli motor ýaglaryny satyn almak barada ylalaşyk baglaşdylar.
Mundan başga-da, dokma senagaty pudagynda hem işjeňlik göze ilip, Ukrainanyň işewürleri tarapyndan türkmen önümçiliginiň dürli ölçegli žakkard sütükli matalaryndan taýýarlanan taýyn önümlerini eksport etmek boýunça şertnama tassyklanyldy.