744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
20.06.2026
Aşgabatda Türkmenistan - Malaýziýa nebitgaz hyzmatdaşlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara maslahat geçirildi

Aşgabat şäherindäki Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagynda özara bähbitli hyzmatdaşlyga 30 ýyl» atly halkara ylmy-amaly maslahat we onuň çäklerinde ýöriteleşdirilen sergi guraldy. Bu çärä Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hem-de ýurdumyzda resmi saparda bolýan Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahim gatnaşdylar. Şeýle hem foruma iki ýurduň nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylary we dünýäniň öňdebaryjy ugurdaş kompaniýalarynyň wekilleri ýygnandylar. Bu barada «Türkmenistan bu gün» döwlet habarlar agentligi habar berdi.

Halkara maslahaty geçirmek baradaky başlangyç türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyza degişlidir. Ol şu ýylyň maýynda malaýziýaly wekiller bilen geçiren duşuşygynda bu şanly sene mynasybetli iri çäräni guramagy teklip edipdi. Iki döwletiň Baştutanlarynyň foruma hut özleriniň gatnaşmagy bolsa energetika ulgamyndaky gatnaşyklaryň strategik we uzak möhletleýin häsiýete eýedigini ýene-de bir gezek subut etdi.

Maslahatyň plenar mejlisinde ilkinji bolup Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow çykyş etdi. Döwlet Baştutanymyz Malaýziýanyň Premýer-ministrine çakylygy kabul edip gelendigi üçin minnetdarlyk bildirdi we «PETRONAS» kompaniýasynyň Türkmenistandaky 30 ýyllyk işine ýokary baha berdi. Kompaniýanyň şu wagta çenli ýurdumyzyň nebitgaz pudagyna 12 milliard amerikan dollaryna golaý maýa goýumyny goýandygy, Hazar deňzinde 44 milliard kub metrden gowrak gaz we 16 million tonna suwuk uglewodorod çykarylandygy bellenildi. Şeýle hem geljekde täze deňiz toplumlarynda bilelikde seýsmiki we özleşdiriş işleriniň alnyp baryljakdygy mälim edildi.

Soňra Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahim çykyş edip, guralan mähirli kabulatlyk we netijeli hyzmatdaşlyk üçin türkmen tarapyna hoşallyk bildirdi. Ol nebitgaz ulgamynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň özeni bolup durýandygyny, munuň bilen bir hatarda ylym, bilim we ýokary tehnologiýalar ugurlarynda hem hyzmatdaşlygy diwersifikasiýalaşdyrmaga taýýardyklaryny nygtady. Premýer-ministr öz çykyşynda beýik akyldar Magtymguly Pyragynyň setirlerini mysal getirip, bu duşuşygyň iki halkyň ruhy bähbitlerine we dostlugyna hyzmat edýändigini aýtdy.

Mejlis tamamlanandan soňra, iki ýurduň ýolbaşçylary türkmen-malaý hyzmatdaşlygyna we Türkmenistanyň dürli pudaklaryna bagyşlanan sergi bilen tanyşdylar. Döwlet Baştutanymyz hem-de belent mertebeli myhman ilki bilen «PETRONAS» kompaniýasynyň pawilýonyna baryp, alnyp barlan işleriň netijeleri we täze innowasion taslamalar bilen tanyşdylar. Şeýle hem sergide ýurdumyzyň ministrlikleriniň, pudak edaralarynyň we hususy telekeçileriň gazanan üstünlikleri görkezildi. Gözden geçirilme mahalynda türkmen telekeçi zenany tarapyndan belent mertebeli myhmana we döwlet Baştutanymyza elde dokalan ajaýyp haly sowgatlary gowşuryldy.

Sergi bilen tanyşlykdan soňra, Prezident Serdar Berdimuhamedowyň we Premýer-ministr Anwar Ibrahimiň gatnaşmagynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy. Gol çekilen resminamalaryň hatarynda «Türkmennebit» we «PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn. Bhd.» hem-de «Hazarnebit» döwlet kärhanasynyň arasynda önümi paýlaşmak hakynda Şertnama, şeýle hem 2D seýsmiki işleri geçirmek we uglewodorod serişdelerini özleşdirmek boýunça uzak möhletleýin strategik Çarçuwaly ylalaşyklar bar. Bu möhüm resminamalar taraplaryň nebitgaz pudagyndaky gatnaşyklary hil taýdan täze tapgyra çykarjakdygyny görkezýär.