744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
20.06.2026
Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda ýokary derejeli gepleşikler geçirildi

Aşgabatda 19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen ýurdumyza resmi sapary bilen gelen Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyk geçirildi. Bu barada «Türkmenistan bu gün» döwlet habarlar agentligi habar berdi.

Resmi çäreleriň öňüsyrasynda Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahim paýtagtymyzdaky Garaşsyzlyk binasyna gül dessesini goýdy. Asylly däbe görä, belent mertebeli myhman iki ýurduň we olaryň dostlukly halklarynyň arasyndaky mizemez dostlugyň, hyzmatdaşlygyň nyşany hökmünde Hormatly myhmanlar seýilbagynda ýadygärlik bag nahalyny oturtdy.

Soňra Malaýziýanyň Premýer-ministri «Oguz han» köşkler toplumyna geldi. Bu ýerde belent mertebeli myhmany Prezident Serdar Berdimuhamedow mähirli garşylady hem-de onuň hormatyna resmi garşylamak dabarasy geçirildi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurduň Hökümet Baştutanyny sarpalap, Türkmenistana resmi sapar bilen gelmek baradaky çakylygy kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirdi. Döwlet Baştutanymyz Premýer-ministr Anwar Ibrahimiň ýurdumyza amala aşyrýan bu ilkinji saparyna iki döwletiň taryhynda möhüm waka hökmünde garalýandygyny belläp, bu duşuşygyň köptaraply gatnaşyklara täze itergi berjekdigine ynam bildirdi. Şeýle hem Döwlet Baştutanymyz türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň we öz adyndan Malaýziýanyň Ýokary Baştutany Soltan Ibrahime mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Premýer-ministr Anwar Ibrahim hem öz gezeginde görkezilen ýokary myhmansöýerlik üçin hoşallyk bildirdi we Malaýziýanyň Ýokary Baştutany Soltan Ibrahimiň mähirli salamyny hem-de Türkmenistanyň halkyna abadançylyk baradaky arzuwlaryny gowşurdy. Malaýziýanyň Hökümet Baştutany Türkmenistanyň alyp barýan oňyn Bitaraplyk syýasatyny we parahatçylygy, durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen ählumumy başlangyçlaryny doly goldaýandyklaryny hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardyklaryny tassyklady.

Gepleşikleriň dowamynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda netijeli hyzmatdaşlygyň ýola goýuldygy bellenildi. Taraplar iki ýurduň iri halkara guramalaryň, ilkinji nobatda bolsa Birleşen Milletler Guramasynyň çäginde üstünlikli hyzmatdaşlyk edip, birek-birege yzygiderli goldaw berýändiklerini aýratyn nygtadylar.

Söwda-ykdysady gatnaşyklar barada durlup geçilende, Malaýziýanyň iri «PETRONAS» kompaniýasynyň Türkmenistanyň nebitgaz pudagynda 30 ýylyň dowamynda alyp barýan işleriniň netijeli häsiýeti ýokary bahalandyryldy. Mundan başga-da, ylym-bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň çäklerinde Malaýziýanyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdeplerinde bilim alan türkmen hünärmenleriniň ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň dürli ugurlarynda durnukly zähmet çekýändikleri bellenilip, munuň üçin malaý tarapyna minnetdarlyk bildirildi.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahim taraplaryň ýola goýlan gatnaşyklary mundan beýläk-de täze sepgitlere ýetirmek üçin bilelikdäki işleri netijeli dowam etdirmäge taýýardyklaryny tassykladylar.