744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
20.06.2026
Türkmenistan we Malaýziýa strategik hyzmatdaşlygy täze derejä çykarýarlar

Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen ýurda resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ýokary derejeli gepleşikler geçirildi. Ilki bilen ýekeme-ýeke, soňra bolsa wekiliýetleriň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam eden duşuşykda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň we halkara gün tertibiniň wajyp meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada «Türkmenistan bu gün» döwlet habarlar agentligi habar berdi.

Gepleşikleriň dowamynda 30 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda yzygiderli ösdürilýän türkmen-malaý gatnaşyklarynyň berk hukuk binýadynyň döredilendigi nygtaldy. Prezident Serdar Berdimuhamedow Malaýziýanyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk statusyny hem-de halkara başlangyçlaryny, şol sanda BMG-niň çäklerindäki energetika we ulag Kararnamalaryny yzygiderli goldap gelýändigini aýdyp, dostlukly ýurduň Hökümetine minnetdarlyk bildirdi. Taraplar şonun bilen birwagtda Ählumumy Günortanyň ornuny pugtalandyrmak, howa üýtgemegi we yslam hyzmatdaşlygy ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy güýçlendirmäge taýýardyklaryny tassykladylar. 2025-nji ýylda Malaýziýanyň ASEAN guramasyna başlyklyk etmeginiň çäklerinde sebitara dialogyň has-da işjeňleşjekdigine ýokary baha berildi.

Söwda-ykdysady we maýa goýum ulgamlary gepleşikleriň özenini düzdi. Nebitgaz pudagynda köp ýyllaryň dowamynda bilelikde işleýän «PETRONAS» kompaniýasynyň alyp barýan işlerine aýratyn üns çekildi. Täze taýýarlanan we ýakyn wagtda gol çekiljek resminamalar esasynda Hazar deňziniň türkmen böleginde uglewodorod ýataklaryny özleşdirmek hem-de täze gözleg işlerini geçirmek boýunça giň gerimli taslamalaryň başlanjakdygy mälim edildi. Şeýle hem ýokary tehnologiýalar, maliýe-bank, dokma senagaty, oba hojalygy we şähergurluşyk ulgamlarynda hyzmatdaşlyk etmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi.

Medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmek meselesi hem duşuşykda wajyp ugurlaryň biri hökmünde kesgitlendi. Taraplar iki ýurduň gadymy taryhy mirasynyň we däp-dessurlarynyň birek-biregi ýakyndan tanamaga ýardam edýändigini aýdyp, özara Medeniýet günlerini geçirmegiň, akademiki we ylmy alyşmalary ýola goýmagyň ähmiýetini nygtadylar. Premýer-ministr Anwar Ibrahim türkmen halkynyň beýik ogly Magtymguly Pyragynyň 100-e golaý goşgusynyň malaý diline terjime edilmeginiň medeni dialogyň aýdyň subutnamasydygyny aýratyn buýsanç bilen belledi.

Malaýziýanyň Hökümet Baştutany görkezilen mähirli myhmansöýerlik we «PETRONAS» kompaniýasynyň 1996-njy ýyldan bäri Türkmenistandaky üstünlikli işine berýän şahsy goldawy üçin Türkmenistanyň Prezidentine çuňňur hoşallyk bildirdi. Geljek ýylda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 35 ýyllygynyň belleniljekdigini ýatladan Anwar Ibrahim, taraplaryň bilelikdäki tagallalary netijesinde dostluk köprüleriniň has-da berkdiljekdigine we geljekde täze özara bähbitli gözýetimleriň açyljakdygyna ynam bildirdi.