Aşgabatda Prezident Serdar Berdimuhamedow bilen ýurdumyza resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ýokary derejeli gepleşikleriň netijeleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek we olary özara alyşmak dabarasy boldy. Gol çekilen resminamalar iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary ylym, bilim, ulag we daşary syýasat ugurlary boýunça täze tapgyra çykarmaga gönükdirilendir. Bu barada «Türkmenistan bu gün» döwlet habarlar agentligi habar berdi.
Şuňa laýyklykda, ylym we diplomatiýa ulgamynda gatnaşyklary berkitmek maksady bilen, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen Malaýziýanyň Ylymlar akademiýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama, şeýle hem iki ýurduň Hökümetleriniň arasynda diplomatlary taýýarlamak we ylmy alyş-çalyş babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama kabul edildi.
Ulag we logistika ulgamynda özara bähbitli gatnaşyklary giňeltmek üçin «Türkmenhowaýollary» döwlet gullugy bilen Malaýziýanyň Ulag ministrliginiň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama hem-de iki döwletiň Hökümetleriniň arasynda howa gatnawlary hakynda Ylalaşyk güýje girizildi. Bu resminamalar iki ýurduň arasyndaky logistika mümkinçiliklerini has-da ýokarlandyrmaga ýardam berer.
Bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň we Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň her biriniň Malaýziýanyň Tenaga milli uniwersiteti bilen talyp alyş-çalşygy hem-de mobillik maksatnamalary baradaky degişli Ylalaşyklary tassyklanyldy.
Resmi çäräniň ahyrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow we Premýer-ministr Anwar Ibrahim dabaraly ýagdaýda resmi saparyň netijeleri boýunça Bilelikdäki Beýannama gol çekdiler. Bu taryhy resminamada taraplaryň ikitaraplaýyn we sebitara derejede, şonun bilen birwagtda halkara guramalaryň çäklerinde özara gatnaşyklary durnukly ösdürmäge ygrarlydyklary bellenilýär we Malaýziýanyň wekiliýetiniň Türkmenistana amala aşyran saparynyň netijeleri jemlenýär.