744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
20.06.2026
Türkmenistanyň Prezidenti we Malaýziýanyň Premýer-ministri habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler

Aşgabatda Prezident Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ýokary derejeli gepleşikler we ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy tamamlanandan soňra, iki ýurduň ýolbaşçylary metbugat wekilleri üçin beýanat berdiler. Çykyşlarda şu gezekki duşuşygyň özara düşünişmek we ýokary ynanyşmak ýagdaýynda geçendigi, şeýle hem döwletara gatnaşyklaryň taryhynda täze sahypany açandygy bellenildi. Bu barada «Türkmenistan bu gün» döwlet habarlar agentligi habar berdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow öz çykyşynda Türkmenistanyň we Malaýziýanyň halkara giňişlikde adalatly, deňhukukly we parahatçylykly ulgamy emele getirmek ugrunda çykyş edýändiklerini nygtady. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk statusyny hem-de halkara başlangyçlaryny yzygiderli goldaýandygy üçin Malaýziýanyň Hökümetine minnetdarlyk bildirdi. Taraplaryň energetika, senagat, oba hojalygy we dokma pudaklary bilen birwagtda, ýokary tehnologiýalar, bank-maliýe, şähergurluşyk we Gündogar — Günbatar ugry boýunça ulag-logistika geçelgelerini ösdürmek barada ylalaşandyklary mälim edildi. Medeni-ynsanperwer ugurda bolsa türkmen talyplaryny Malaýziýanyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdeplerinde okatmak we ylmy alyşmalary giňeltmek işleriniň dowam etdiriljekdigi aýratyn bellenildi.

Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahim hem öz gezeginde Türkmenistanyň halkara giňişlikdäki ýokary abraýyny we sebitara gatnaşyklary berkitmekdäki ornuny aýratyn belledi. Ol Aziýa — Ýuwaş umman we Merkezi Aziýa sebitleriniň ýurtlarynyň ýakynlaşmagynda türkmen tarapynyň tagallalaryna ýokary baha berdi. Premýer-ministr iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary has-da utgaşdyrmak üçin bilelikdäki hökümetara toparyny döretmegi, bank işi, maglumat tehnologiýalary, maglumat merkezlerini guramak we halal senagaty ýaly ugurlarda tejribe alşyljakdygyny habar berdi. Şeýle hem türkmen önümlerini Aziýa — Ýuwaş umman sebitine ibermek boýunça logistika merkezini döretmek baradaky teklibiň durmuşa geçirilmegine uly üns berilýändigi nygtaldy.

Beýanatlaryň ahyrynda taraplar «PETRONAS» kompaniýasy bilen köp ýyllaryň dowamynda emele gelen strategik hyzmatdaşlygyň durnukly ösdüriljekdigini we täze taslamalar bilen baýlaşdyryljakdygyny tassykladylar. Iki ýurduň ýolbaşçylary hem taryhy, medeni hem-de ruhy gymmatlyklara esaslanýan dostluk köprüleriniň geljekde has-da berkdiljekdigine ynam bildirdiler.