744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
20.06.2026
Malaýziýanyň Premýer-ministriniň Türkmenistana resmi sapary tamamlandy

Aşgabatda Prezident Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ýokary derejeli gepleşikleriň dabaraly bölegi hökmünde belent mertebeli myhmanyň hormatyna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan resmi kabul edişlik guraldy. Bu barada «Türkmenistan bu gün» döwlet habarlar agentligi habar berdi.

Resmi çärelerden soňra, saparyň medeni maksatnamasynyň çäklerinde Malaýziýanyň Hökümet Baştutany paýtagtymyzyň golaýynda ýerleşýän Gypjak obasyna baryp gördi. Bu ýerde belent mertebeli myhman Türkmenbaşynyň ruhy metjidinde Türkmenistanyň ilkinji Prezidentini hatyralady we metjitde juma namazyny okady.

Malaýziýanyň Premýer-ministri Türkmenistana bolan resmi saparynyň maksatnamasyny doly tamamlandan soňra, paýtagtymyzyň Halkara howa menziline geldi. Bu ýerde belent mertebeli myhman uly hormat-sarpylap ugradyldy we ol Aşgabatdan öz Watanyna ugrady.

Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahimiň ýurdumyza amala aşyran bu ilkinji taryhy sapary türkmen-malaý döwletara gatnaşyklarynyň taryhynda düýbünden täze bir tapgyry başlady. Saparyň dowamynda geçirilen netijeli gepleşikler, gazanylan ylalaşyklar we gol çekilen wajyp resminamalar iki ýurduň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygy geljekde dürli ugurlar boýunça has-da okgunly we durnukly ösdürmek üçin berk binýat bolup hyzmat eder.