Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlyklygynda 20-nji iýunda sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Mejlisiň dowamynda ýurdumyzyň nebitgaz we geologiýa pudaklaryny ösdürmäge degişli möhüm meselelere seredildi we anyk çözgütler kabul edildi. Bu barada «Türkmenistan bu gün» döwlet habarlar agentligi habar berdi.
Hökümet mejlisiniň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Guwanç Agajanow gözegçilik edýän ulgamynda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Döwlet Baştutanymyzyň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde, ýurdumyzyň nebitgaz pudagyny yzygiderli ösdürmek we dünýäniň iri kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek boýunça netijeli çäreleriň durmuşa geçirilýändigi bellenildi.
Wise-premýer döwlet Baştutanynyň Kararyna laýyklykda, «Türkmennebit» döwlet konsernine Malaýziýanyň «Petronas Çarigali (Türkmenistan) Sdn. Bhd» kompaniýasy hem-de konserniň «Hazarnebit» döwlet kärhanasynyň arasynda Hazar deniziniň türkmen bölegindäki ýataglary özleşdirmek barada şertnama baglaşmaga ygtyýar berlendigini habar berdi. Bu waka mynasybetli wise-premýer tutuş nebitgaz toplumynyň işgärleriniň adyndan döwlet Baştutanymyza we Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini beýan etdi.
Mundan başga-da, hasabatda «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy tarapyndan uglewodorod serişdelerine baý bolan meýdançalary senagat taýdan özleşdirmek, gözleg-barlag guýularyny gazmak baradaky işlere hem üns çekildi. Bu ugurda daşary ýurtlaryň öňdebaryjy tejribesini we häzirki zaman tehnologiki mümkinçiliklerini giňden ornaşdyrmak maksady bilen döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, geologiýa-gözleg we buraw işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmagyň möhümdigini belledi. Döwlet Baştutany bu ugurda halkara tejribäni peýdalanmak boýunça hödürlenen teklibi makullap, wise-premýere bu babatda anyk işleri amala aşyrmagy tabşyrdy.