Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 20-nji iýunda Türkmenistana iş sapary bilen gelen Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary Jamşid Hojaýewi kabul etdi. Duşuşyk Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň nobatdaky mejlisiniň çäklerinde geçirildi. Bu barada «Türkmenistan bu gün» döwlet habarlar agentligi habar berdi.
Jamşid Hojaýew türkmen halkyna bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallyk bildirip, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň mähirli salamyny ýetirdi. Şeýle-de ol Türkmenistanyň soňky ýyllarda gazanýan üstünlikleriniň Özbegistanda uly gyzyklanma bilen synlanylýandygyny aýtdy.
Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyny we geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Prezident Serdar Berdimuhamedow iki ýurduň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň yzygiderli ösýändigini belläp, energetika, ulag, oba hojalygy, söwda hem-de maýa goýum taslamalaryny hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň hatarynda görkezdi.
Şeýle hem medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň ösdürilmegine aýratyn üns çekildi. Taraplar iki döwletiň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge taýýardyklaryny tassyklap, doganlyk halklara abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdiler.