Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeliginiň dabaraly açylyşy mynasybetli hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow çärä gatnaşyjylara Gutlag bilen ýüzlendi. Döwlet Baştutany medeniýetiň we sungatyň halkyň ruhy baýlygy hem-de milli gymmatlyklary gorap saklamagyň möhüm serişdesi bolup durýandygyny nygtady. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berdi.
Gutlagda bellenilişi ýaly, häzirki döwürde Türkmenistanda medeniýet ulgamyny ösdürmek, döredijilik edaralarynyň işini kämilleşdirmek we sanly tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Teatrlar, muzeýler, kitaphanalar, medeniýet öýleri we köpçülikleýin habar beriş serişdeleri döwrebap şertlerde öz işini alyp barýar.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Medeniýet hepdeliginiň türkmen halkynyň baý medeni mirasyny, sungatynyň köpöwüşginliligini we döredijilik mümkinçiliklerini giňden görkezmek üçin möhüm meýdança bolup hyzmat edýändigini aýtdy. Şeýle hem bu çäräniň ýazyjylaryň, şahyr-sazandalaryň, artistleriň we suratkeşleriň täze eserlerini halk köpçüligine ýetirmäge ýardam berýändigi bellenildi.
Döwlet Baştutany ýaş zehinleri ýüze çykarmagyň medeniýet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýandygyny nygtap, sungat we edebiýat boýunça geçirilýän döredijilik bäsleşikleriniň ýaşlaryň ukyp-başarnyklaryny ösdürmäge uly goşant goşýandygyny belledi.
Gutlagda Balkan welaýatynyň türkmen medeniýetiniň we sungatynyň ösüşine uly goşant goşan meşhur şahsyýetleriň watanydygy aýratyn nygtaldy. Prezident Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylary baýram bilen gutlap, olara berk jan saglyk, bagtyýarlyk we täze döredijilik üstünliklerini arzuw etdi.