Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçirilen söwdalaryň netijeleri boýunça jemi 62 520 258,80 ABŞ dollaryna we 56 454 000,00 manada deň bolan 27 sany şertnama baglaşyldy. Hepde boýunça amala aşyrylan birža söwdalarynda milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynyň önümlerini eksport etmek we içerki bazarda ýerleşdirmek boýunça uly möçberli geleşikler hasaba alyndy.
Nebitgaz we himiýa pudaklarynyň önümleri daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň üns merkezinde boldy. Hepdäniň başynda Owganystanyň, Özbegistanyň we BAE-niň işewürleri “Türkmengaz” döwlet konserninden suwuklandyrylan gaz satyn aldylar. Şeýle hem Owganystanyň we BAE-niň wekilleri “Türkmennebit” döwlet konserniniň gidrousulda arassalanan dizel ýangyjyny, şeýle-de “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kükürtsizlendirilen dizel fraksiýasyny satyn almak boýunça yzygiderli şertnamalary baglaşdylar.
Azyk we dokma senagaty pudaklarynda hem söwdalar işjeň häsiýetde geçdi. Türkiýe Respublikasynyň telekeçileri ýerli öndürijilerden birinji hilli bugdaý ununy, nah ýüplügini, pagta süýümini, dokma önümlerini we ýörite motor ýaglaryny satyn aldylar. Mundan başga-da, Ukrainanyň işewürleri dürli ölçegli žakkard sütükli matadan öndürilen önümlere uly isleg bildirdiler.
Içerki bazarda ýerli telekeçiler tarapyndan uly göwrümli geleşikler resmileşdirildi. Türkmenistanyň işewürleri döwlet düzümlerinden birinji hilli arassalanan pagta ýagyny, Dokma senagaty ministrliginden nah ýüplügini we "Türkmenpagta" döwlet konserninden uly möçberde pagta süýümini satyn aldylar.