Häzirki wagtda 21–23-nji oktýabrda geçiriljek «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» atly 31-nji halkara maslahatyna we sergisine işjeň taýýarlyk görülýär.
Maslahatyň we serginiň guramaçylary hökmünde «Türkmennebit» we «Türkmengaz» döwlet konsernleri, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy çykyş edýär. «Turkmen Energy Forum» hojalyk jemgyýeti çäräni bilelikde guraýjydyr.
«Turkmen Energy Forum» hojalyk jemgyýetiniň habar bermegine görä, öňünden hasaba duran gatnaşyjylar üçin hasaba alyş tölegine arzanlaşyk hödürlener. Bu teklip 31-nji awgusta çenli hereket edýär.
«Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» atly 31-nji halkara maslahaty we sergisi energetika howpsuzlygy, durnukly ösüş we uzakmöhletli maýa goýum hyzmatdaşlygy boýunça gepleşikleri ösdürmek üçin Türkmenistanyň ministrlikleriniň, edaralarynyň, milli we halkara nebitgaz kompaniýalarynyň, potratçylaryň, tehnologiýa üpjün edijileriniň, maliýe institutlarynyň we maýadarlaryň ýokary derejeli wekillerini jemlär.
Hasaba durmak üçin salgy: https://ogt-turkmenistan.com/ru/ogt-registration